Sepleriň elýeterliligi

Bagdatda bolan partlamalarda 8 adam heläk boldy


Yragyň howpsuzlyk güýçleriniň aýtmagyna görä, paýtagt Bagdadyň şaýlaryň köpçülükde ýerleşýän etrabynda bolan bomba partlamada azyndan 8 adam ölüp, 30 töweregi ýaralanypdyr.

Şol bir wagtyň özünde Yragyň harbylarynyň ýoluň gyrasyna ýerleşdirilen bir bombany partlamazdan ozal tapanlygy we bu wakada hiç kime zyýan ýetmänligi aýdylýar.

Düýnki bolan bu wakalar Bagdadyň Al-Emeen etrapynda bolupdyr. Bellenmeli bir zat, soňky günleriň dowamynda şaýlaryň köpçülükde ýerleşýän regionlarynda şeýle hüjümler barha artýar.

Bu hem geçen 18-aýdan bäri belli bir derejede azalan mezhep-ara çaknaşyklaryň gaýtadan başlanjakdygy barada halk arasynda howsala döredýär.

Mälim bolşuna görä duşenbe güni Yragyň demirgazyngynda ýerleşýän Mosul şäherinde şaýlaryň köpçülükde ýaşaýan etrabynda bolan partlamalarda azyndan 30 adam ölüp 155 töweregi ýaralanypdy.

XS
SM
MD
LG