Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mýanmanyň oppozisiýa lideri ýene öý tussaglygynda


Mýanmanyň oppozisiýa lideri Suu Çin.
Mýanmanyň oppozisiýa lideri Suu Çin.

Mýanmanyň oppozisiýa lideri 64 ýaşly Suu Çiniň işi boýunça çykarylan höküm onuň kölüň gyrasynda ýerleşýän öýüne psihiki taýdan nähoş amerikan raýatynyň barmagy bilen bagly ýüze çykan wakanyň soňuna nokat goýdy.

Mýanmanyň häkimiýet başyndaky harby ýolbaşçylary maý aýynda bolan şol täsin wakany demokratiýa ugrunda göreşýän aktiwistiň öý tussaglygynyň möhletiniň dolmagyna az wagt galanda, oňa garşy täze aýyplamalary ýöňkemek üçin peýdalandylar.

Suu Çi soňky 20 ýyldan 14 ýylyny tussaglykda geçirdi, esasanam öý tussaglygynda.

Çak bilen 3 aýlap dowam eden sud Suu Çini günäkär diýip tapdy we onuň kölden ýüzüp gelen adama 2 günläp öýünde galmaga rugsat bermeginiň howpsuzlyk boýunça kanuny bozanlygyny aýtdy.

Mýanmanyň döwlet telewideniýesi Suu Çiniň we onuň iki kömekçisiniň 3 ýyl türme tussaglygyna höküm edilenligini, emma ýurduň “Parahatçylyk we Ösüş boýunça Döwlet Sowetiniň” görkezmesi bilen suduň karary ýeňilleşdirilip, bir ýarym ýyl öý tussaglygyna çalşyrylanlygyny habar berdi.

Bu nämäni aňladýar?

Bu parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň laureatynyň geljek ýyldaky umumy saýlawlara gatnaşdyrylmajagyny aňladýar. Harby hunta tarapyndan dolandyrylýan Mýanmanyň ýolbaşçylary şol saýlawlaryň demokratiýanyň esaslarynda geçiriljegini yglan edýärler.

Suu Çiniň syýasy wezipelere dalaş etmäge haky ýok. Emma saýlaw kampaniýasy geçýän döwründe onuň öz syýasy toparynyň golaýynda bolmagynyň özi-de “Demokratiýa ugrundaky Milli Liga” partiýasyna goldawyň güýçlenmegine getirip bilerdi. Partiýa 1990-njy ýylda uly ýeňiş gazanypdy, emma harby hunta muny hiç haçan ykrar etmändi.

Suu Çiniň öýüne kölden ýüzüp baran 53 ýaşly amerikaly John Yettawa hem 11-nji awgustda sud tarapyndan höküm çykaryldy. Ol ýedi ýyl türme tussaglygyna, şol sanda dört ýyl agyr zähmet işlerine höküm edildi. John Yettaw öý tussaglygynda saklanan Suu Çiniň öýüne barmakda aýyplandy. Yettaw Suu Çiniň öýüne barmagynyň sebäbini düşündirip, oňa ölüm howpunyň abanýanlygyny düýşünde görüp, bu barada duýdurmak islänligini aýtdy.

Suu Çie garşy höküm çykarylmagyna halkara reaksiýalar çalt peýda boldy.

Tailandyň paýtagty Bangkokda we Günorta-Gündogar Aziýanyň beýleki şäherlerinde protestçiler köçelere çykdylar.

“Ýalançy sud”

Britaniýanyň premýer-ministri Gordon Braun suduň kararynyň “gynandyrýanlygyny we gahar-gazap döredýänligini”, hökümiň “ýalançy sud” tarapyndan çykarylanlygyny aýtdy.

Braun “bu aýylganç” sud diňlenişiginiň geljekki saýlawlaryň kanuny esasda geçjekligine şübhe döredenligini belläp, BMG-niň Howpsuzlyk Sowetini Mýanmanyň harby huntasyna ýarag satylmagyna halkara gadagançylygyny girizmäge çagyrdy.

Kuala Lumpurda Malaýziýanyň Daşary işler ministri Anifah Aman, Günorta-Gündogar Aziýa Milletleriniň Assosiasiýasynyň adatdan daşary duşuşygynyň geçirilmegine çagyrdy.
XS
SM
MD
LG