Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Putin Abhaziýanyň goragyny güýçlendirmegi wada berýär


Orsýetiň premýer ministri Wladimir Putin Abhaziýanyň goragyny güýçlendirmek üçin ýarym millard dollardan gowurak serişde wada berdi.

Putin Gürjüstanyň bölüniji sebitine planlaşdyrylan saparyndan öň çykyp gürläp, Orsýet Abhaziýanyň goranyşyny berkitmek üçin 504 million dollar harç eder diýdi.

Orsýet geçen ýylyň awgustynda Gürjüstan bilen bolan 5 günlük uruşdan soň Abhaziýany hem Günorta Osetiýany özbaşdak döwlet hökmünde ykrar edipdi.

Putin şu gün Gürjüstan uruşdan sapak almalydyr diýdi.

Orsýet Gürjüstanyň bölüniji regionlaryna müňlerçe soldat we harby bazalaryny ýerleşdirdi.
XS
SM
MD
LG