Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşi beýanatyny gijikdirýär


BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşi demokratik lider Aň San Su Çiniň öý tussaglygyny uzaldan Birmany ýazgarmak baradaky beýanaty gijikdirdi.

Bu beýanatyň taslamasynyň üstündäki çekişmeler sişenbe güni Fransiýanyň çagyran adatdan daşary sessiýasynda başlandy. Ýöne ol Hytaý, Orsýet, Wetnam we Liwiýa ýaly ýurtlaryň ikirjiňlenmegi bilen saklanyldy.

Birleşen Ştatlar Birmanyň Nobel parahatçylyk baýragynyň 64 ýaşly laureatyny ýene 18 aý öý tussaglygyna höküm etmegini 15 döwletli geňeşiň biragyzdan ýazgarmagyny isleýär.

Hytaý Birmanyň esasy söwda hyzmatdaşy bolup durýar. Orsýet bolsa şeýle aksiýalara ozal hem garşy çykypdy.
XS
SM
MD
LG