Sepleriň elýeterliligi

Rus aýaly “Mona Liza” suratyna çaý serpýär



Rus aýaly dünýä belli “Mona Liza” suratyna bir käse çaý bilen hüjüm etdi. Emma Leonardo da Winçiniň meşhur eserine ne keramiki käseden, ne-de gyzgyn çaýdan zeper etdi. Sebäbi Pariždäki Luwr muzeýinde goýlan meşhur surat ok geçmeýän aýna bilen goralýardy.

Bu waka 2-nji awgustda bolupdyr, ýöne häzir aýdylýar. Muzeý işgäriniň sözüine görä, “Mona Liza” hüjüm eden aýal tussag edilipdir.

XS
SM
MD
LG