Sepleriň elýeterliligi

Eýran käbir tussaglaryň zorlanandygyny ret edýär


Eýran parlamentiniň sözçüsi oppozisiýa liderleriniň saýlaw protestleri sebäpli tutulan aadmlaryň käbiriniň türmede zorlanandygy barada aýdýanlary esassyz diýdi.

Ali Larijani parlament derňewiniň Mehdi Karrobiniň bazar güni aýdan aýyplamasyna esas tapmandygyny aýtdy.

Halkara günä geçiş guramasy Orsýeti aktiwistleri “awlamagy” bes etmäge çagyrýar

Halkara günä geçiş guramasy halkara jemgyetçiligini Orsýete “adam hukuklary aktiwistlerini awlamagy bes etmegi üçin” basyş görkezmäge çagyrdy.

Bu çagyryş Çeçenistanda iki sany belli hukuk goraýjy öldürilenden soň ýaňlandy.

Zarema Sadullaewa hem onuň adamsy Alik Žabrialiowyň ölüminden bir aý öň çeçen hukuk goraýjysy Natalýa Estimirwa öldürilipdi.

XS
SM
MD
LG