Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wladimir Putin Abhaziýa bardy


Orsýetiň premýer ministri Wladimir Putin Abhaziýa geldi. Bu onuň Gürjüstanyň bölüniji sebitine Moskwanyň ony özbaşdak ýurt hökmünde ykrar edeli bäri birinji saparydyr.

Rus metbugaty onuň ýerli liderler bilen ykdysady hyzmatdaşlyk we beýleki meseleler barada maslahat etjegini aýdýar.

Putin şu gün Abhaziýanyň goragyny güýçlendirmek üçin ýarym millard dollardan gowurak serişde beriljegini aýtdy.

Orsýet geçen ýylyň awgustynda Gürjüstan bilen bolan 5 günlük uruşdan soň Abhaziýany hem Günorta Osetiýany özbaşdak döwlet hökmünde ykrar edipdi.

Putin şu gün Gürjüstan uruşdan sapak almalydyr diýdi. Orsýet Gürjüstanyň bölüniji regionlaryna müňlerçe soldat we harby bazalaryny ýerleşdirdi.
XS
SM
MD
LG