Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda döwlet kärhanalarynyň özara bergisi ösýär


Türkmenistanda döwlete degişli kärhanlaryň özara bergisi çalt depginde ösýär.

Adynyň aýdylmazlygyny soran aşgabatly resmi Azatlyk radiosyna döwlete degişli kärhanalaryň köpüsiniň, hususan-da dokma senagaty kärhanalarynyň öz işgärlerine üç aý bäri aýlyk berip bilmeýändigini aýtdy.

Şol bir wagtda Türkmenistanda jaýlaryň bahasynyň görülmedik derejede gymmatlaýandygy aýdylýar.

Türkmen häkimiýetleri golaýda ýurtda ykdysady ösüşi alamatlandyrýan ýokary sanlary çap etdiler. Emma käbir ekspertler Türkmenistanda baýlar bilen garyplaryň arasyndaky tapawudyň barha ulalýandygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG