Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Teoriýa praktiki hereketlere haçan geçiriler?


Ýakynda Aşgabatda Türkmenistanyň Baş kanunynyň täze redaksiýasynda ylmy kommentariýalary maslahat etmek barada konefernsiýa boldy.

Kommentariýalar ýurduň Döwlet we hukuk instituty hem-de Demokratiýa we adam hukuklary instituty tarapyndan ýazyldy. Soňky döwürde bu iki döwlet sistemasy şeýle konferensiýalaryň birnäçesini geçirdi.

Eýse, şular ýaly işlerden nähili hakyky peýda bar? Görnüşi ýaly, konferensiýa diňe teoretikler däl-de, Türkmenistanyň edara gullukçylarydyr ministrlikleriniň wekilleri hem gatnaşypdyrlar.

Diskussiýanyň geçen binasynda Adalat, Daşary işler ministrlikleriniň we hukuk goraýjy guramalaryň wekilleri hem bolupdyrlar.

Köpçülikleýin habar serişdeleri konferensiýanyň esasy maksadynyň “Milli kanunçylygy Baş kanunyň normalaryna we halkara ölçeglere gabat getirmekden ybarat” diýip, maglumat berdiler.

Eýse, konferensiýa gatnaşanlar bu zatlary häzir Türkmenistanda durmuşa ornaşdyryp boljagyna kepil geçip bilerlermi?

Ýurtda şeýle teoretiki duşuşyklar ýygydan geçirilse-de, olaryň iş ýüzündäki netijeleriniň öňde goýulýan wezipeleri amala aşyrmaga kömek etmezligi mümkinmi?

Türkmenistanyň adaty raýatlary şeýle konferensiýalaryň diňe şygarlar bolup galmaýandygyny duýup bilerlermi?

Häzir ýerli guramalarda we kärhanalarda adam hukuklary problemalary boýunça gürrüň edilýärmi?

Türkmenistanyň ýönekeý graždanlary şeýle sowallary ýerli kärhanalardaky ýygnaklarda gozgap bilýärlermi?

Eýse, olaryň döwlet edaralarynda öz hukuklaryny goramaga mümkinçiligi barmy?

'Baş kanuny düşündirmekden ybarat'

Ýakynda Aşgabatda geçen konferensiýa gatnaşanlar kommentariýalaryň ilata Baş kanuny düşündirmekden ybaratdygyny aýtdylar. Eýse, şol düşündiriş nähili görnüşde amala aşyrylýar?

Baş kanuna degişli kommentariýalaryň graždanlaryň nähili ýaşamalydygy baradaky ýokardan berilýän nobatdaky görkezmelere öwrülen ýagdaýynda onuň köpçülikleýin propagandasyna jogapkärleriň öz işi, eýse baryp petige diränokmy?

Baş kanun baradaky dokumentleri maslahatlaşmaga we taýýarlamaga halkyň gatnaşmagy üçin, heý, mümkinçilik barmy? Alymlaryň hem dolandyryş býurokratiýasynyň wekilleriniň döredijiligine raýatlaryň hem etjek möhüm goşmaçalary bolup biler ahyryn.

Konferense gatnaşanlar özara maslahat wagtynda garalan temalaryň örän möhüm ähmiýete eýedigini aýdypdyrlar. Emma Baş kanundaky ideýalaryň we düzgünleriň gündelik durmuşa neneňsi golaýdygyny diňe graždanlar kesgitleýär.

Eger teoriýa haýsy-da bir sebäplere görä, iş ýüzünde durmuşa geçirilýän zatlardan yza galsa, onda uzak garaşylan teoriýa anyk praktiki hereketler bilen haçan sazlaşdyrlyp başlanar?

Baş kanun haçan ýuristleriň otagyndaky bezeg bolmagyny bes edip, diňe ýönekeý adamlar däl-de, eýse ululy-kiçili başlyklar üçinem hakyky kanun bolar?

Eýse, ýurduň Baş kanunynda görkezilen öz ýokary derejeli hukuklary barada ýönekeý adamlar şol başlyklardan hasabat sorap bilerlermi?

Aleksandr Narodetski post-Sowet döwletleri boýunça Britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG