Sepleriň elýeterliligi

Moldowada partiýa ýaranlygy dörediler


Oppozisiýa partiýalarynyň liderleri, 8-nji awgust, 2009 ý.

Oppozisiýa partiýalarynyň liderleri, 8-nji awgust, 2009 ý.

Moldowada geçirilen parlament saýlawlaryndan soň, ýürduň dört oppozision partiýasy birigip, ýaranlyk döretmek kararyna geldiler.

Şeýle ýagdaýda, oppozision koalisiýanyň eýeleýän orynlary Kommunistik partiýanyňkydan sähel artyp, ýurduň oppozisiýasy Moldowany Günbatara tarap ugrukdyryp biler diýen pikirler öňe sürülýär. Emma oppozision koalisiýa döredilse-de, olaryň sesleri, özbaşyna alanyňda, ýurduň prezidentini saýlamaga ýeterlik däl.

Azatlyk radiosynyň Moldowa gullugynyň direktory Oana Serafim bilen jurnalist Robert Soalson Moldowada dörän bu ýagadaýa syn edýärler.

Geçen dynç alyş günleri Moldowanyň dört oppozision partiýasynyň liderleri bileleşik döretmek kararyna gelendiklerini yglan edenlerinde, olaryň ählisiniň göwni hoş ýaly bolup göründi. Moldowanyň Liberal Demokratik partiýasynyň ýolbaşçysy Wlad Filat bu mesele bilen baglanyşykly şeýle diýdi: “Biz saýlawçylaryň bizden garaşýan iň möhüm ädimini ätdik, ýagny özara ylalaşyp, bile hereket etmek kararyna geldik.”

Parlamentdäki orunlar

Oppozisiýanyň ýaranlygy döredileninden soň, oppozision partiýalar parlamentdäki 101 orundan 53-ni eýeleýärler, orynlaryň 48-si kommunistlere degişli bolup, olar parlamentde iň köp orny eýeleýän partiýa bolup durýarlar. Öň aýry-aýrylykda hereket eden oppozision partiýalaryň özara birikmegi iň zerur we möhüm karar hökmünde kabul edilse-de, bu ýaranlygyň içinde käbir düşünişmezlikleriň peýda bolup biljekdigini hem synçylar çaklaýarlar.

Mysal üçin, kommunistlere garşy gaty kesgin pikirde bolan oppozision partiýalaryň liderleriniň Moldowanyň demokratik partiýasynyň lideri Marian Lupu bilen ylalaşyp-ylalaşmazlyklary sorag astynda galýar. Sebäbi öň Kommunistik partiýanyň agzasy hem-de parlamentiň spikeri bolan Marian Lupu iýun aýynda parlamentde ýurduň prezidentini saýlamak üçin geçirilen ses berişlikde kommunistleri goldap çykyş edipdi.

Şeýle-de, oppozisiýnyň bileleşigi parlamentdäki 101 orundan 53-ni eýelese-de, bu sesler parlamentde prezidenti saýlamak üçin zerur bolan 61 sese ýetmeýär. Ýagny, oppozision ýaranlyga prezidentlige öz teklip edýän kandidaturasyny saýlamak üçin kommunistlerden sekiz deputaty öz tarapyna çekmek zerur. Eger Moldowada prezident saýlamak meselesi ýene-de başa barmasa, onda bu ykdysadyýeti onsuzam gowşak ýurduň ilaty iki topara, ýagny günbatarçylara hem Orsýetiň tarapdarlaryna bölüner diýen howatyrlanma bar.

Şu ýylyň iýun aýynda Moldowanyň parlamentinde prezidenti saýlamak üçin iki gezek ses berlişik geçirilipdi. Olaryň ikisi hem netije bermändi. Şol sebäpli hem prezidentlik wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirýän Woronin möhletinden öň 29 iýulda ýene bir parlament saýlawlaryny bellemäge mejbur edildi.

Dowam edýän jedeller

Häzirki döwürde oppozision ýaranlygynda indiki edilmeli işler babatda jedeller gidýär. Oppozision bileleşigiň bir topary prezidentlige öz kandidatlaryny geçirmek üçin kommunistler bilen eglişige gidip, ýa parlamentiň spikeri ýa-da ýurduň premýer-ministri wezipesine öz kandidatlaryny bellemäge mümkinçilik almaly diýen pikiri öňe sürýärler. Ýaranlykdaky beýleki topar bolsa, prezidenti saýlamak üçin geçirilýän gizlin ses berlişikde oppozisiýanyň kandidaturasyny goldar ýaly kommunistik partiýanyň käbir agzalary bilen gürleşip, olary yrmaga çalyşmaly diýen pikirde.

Ýurduň Liberal partiýasynyň lideri hem-de Kişinew şäheriniň häkimi Dorin Çirtuaka kommunistleriň birnäçe agzasyny öz taraplaryna geçirip boljakdygyny aýdyp, hatda kommunistik partiýanyň içinde hem bu partiýanyň Moldowada geljeginiň ýokdugyna düşünýänleriň köpdügini aýdýar.

Ýöne kommunistleriň hem özlerini nädip alyp barjakdygy entek belli däl. Ýagny, oppozision koalisiýanyň döredilendigi yglan edileninden soň, oppozisýa hem-de kommunistleriň arasynda hiç hili gepleşikler geçirilmedi diýip, synçylar aýdýarlar.

Moldowanyň Liberal Demokratik partiýasynyň lideri jenap Filat bolsa, parlamentiň täze düzümi işläp başlaýança, kommunistler bilen gepleşik geçirmejekdiklerini mälim etdi.

Kommunistik partiýanyň wekili, parlamentiň spikeriniň öňki orynbasary Wladimir Turçanu geçen hepde radiomyza beren interwýusynda prezidentlige teklip edilýän kandidat sylag-hörmata mynasyp adam bolsa, şol kandidatyň öz partiýalaryndan bolmandygyna garamazdan, kommunistleriň ony goldamaga taýýardygyny mälim etdi.

Kimleriň kandidaturasy hödürlener?

Häzirki döwürde kommunistik partiýada bolmadyk Zinaida Greseaniniň kandidaturasy hödürlense, synçylar onuň kommunistler tarapyndan goldanylmagynyň mümkindigini aýdýarlar. Çünki ol kommunistleriň lideri, prezidentlik wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirýän Woronine gol ýapýan kandidat hasaplanylýar.

Oppozisiýa entek belli bir kandidaty öňe sürmeýar, emma parlamentiň öňki spikeri Marian Lupuny koalisiýa öňe sürse, onuň kandidaturasyny käbir kommunistleriň goldajakdygy baradaky pikirler hem syýasy gatlaklarda eşidilýär.

Prezidentlige ýene bir ylalaşykly kandidat hökmünde 1999-njy ýylda Moldowanyň premýer-ministri wezipesini eýelän Ion Sturzanyň ady agzalýar.

Şeýle-de, soňky günler Moldowanyň metbugatynda Dumitru Diasowyň ady agzaldy. Geçen aýda geçirilen parlament saýlawlaryndan soň gurnalan metbugat konferensiýasynda prezidentlik wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirýän Woroniň Diasowy geljegi görüp bilýan, öňdengörüji adam hökmünde häsiýetlendirdi. Emma köp adamlaryň pikirine görä, Sowet döwründe komsomol aktiwisti bolan Diasowyň KGB bilen hyzmatdaşlyk eden bolmagy mümkin.

Moldowanyň parlamentiniň täze düzümi awgust aýynyň 29-nda işläp başlamaly. Moldowanyň Konstitusiýasyna görä, parlamentiň deputatlary prezidenti saýlamak üçin iki gezek ses berlişik geçirip bilýärler.
XS
SM
MD
LG