Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tähran ýadroly merkezlere harby hüjümiň gadagan edilmegini isleýär


Eýran ýadroly merkezlere harby hüjüm edilmeginiň BMG tarapyndan gadagan edilmegini isleýär.

Bu teklip Tähran tarapyndan düýn Wenada orta atyldy. Eýran bu inisiatiwasynyň Halkara Atom Energiýasy Agentliginiň geljek aýda geçiriljek umumy maslahatynyň gün tertibinde goýulmagyny isleýänligini aýtdy.

Bu teklip baradaky habar düýbi Amerikada ýerleşýän habar agentligi Associated Press tarapyndan çap edildi. Bu maglumat soňra halkara atom energiýa agentligindäki Eýranyň ýörite wekili Ali Asgar Soltany tarapyndan hem tassyklandy.

Ady agzalýan diplomatyň aýtmagyna görä, bu çäräniň maksady Eýranyň ýadro programmasyna hüjüm etmejegini aýtmakdan boýun gaçyrýan Ysraýyla garşy basyşlary güýçlendirmekden ybaratdyr.

Soltany Eýranyň Ysraýyldan gorkmaýanlygyny emma bu çäre arkaly özleriniň haýsydyr bir ýadro merkezine edilmegi mümkin hüjümüň gadagan edilmegi barada çözgüdiň tapylmagyna Tähranyň goldaw gözleýänligini aýtdy.
XS
SM
MD
LG