Sepleriň elýeterliligi

Eýranyň oppozision lideri sud diňlenşiklerini tankyt etdi


Eýranyň oppozision lideri Mir Hossain Musawiniň şahsy web-sahypasynda çap edilen maglumata görä, ýurtda reformaçylaryň we žurnalistleriň göz üçin edilýän sud diňlenşikleri diňe daşary ýurtlaryň bähbidine hyzmat edýär.

Musawi şol beýanatynda aýratynam ýurduň türmelerindäki ýaramaz şertleriň Eýranda özgerişlige zerurlygyň bardygyny aýan edenligini mälim edipdir.

Beýleki bir oppozision lideri Mehdi Karrubi, 9-njy awgustda öz şahsy web-sahypasynda çap eden beýanatynda, Eýranda geçirilen saýlawlardan soňra närazylyk protestlerine gatanaşanlygy üçin tussag edilen käbir ýaş zenan we erkek adamlaryň türmelerde zorlananlygyny öňe sürüpdi.
XS
SM
MD
LG