Sepleriň elýeterliligi

Ýewropa Bileleşigi we Hazar dawasy


Türkmen-Azerbeýjan gepleşikleriniň netijeliligi “Nabukko” proýektini durmuşa geçirmek planlarynyň geljegine-de öz täsirini ýetirýär.

Türkmen-Azerbeýjan gepleşikleriniň netijeliligi “Nabukko” proýektini durmuşa geçirmek planlarynyň geljegine-de öz täsirini ýetirýär.

Türkmenistan bilen Azerbeýjanyň energiýa resurslaryna baý Hazar deňzindäki özara dawasyna üns gowşamaýar. Tebigy gaza baý Hazar ýaka döwletleriň “Nabukko” proýektine goşulmagyny isleýän Ýewropa Bileleşigi türkmen-azeri dawasynyň çözgüdi ugrunda nähili hereket edip biler?

Türkmenistanyň Azerbeýjan bilen dawaly meseleleri çözmek üçin halkara arbitraž suduna ýüz tutmak kararyna ýakyn günlerde Azerbeýjan tarapyndan reaksiýa bildirildi.

Azerbeýjan Türkmenistanyň Hazar deňzi boýunça öňe sürýän talaplary esassyz diýip, hasap edýär. Bu barada Azerbeýjanyň Daşary işler ministri Halaf Halafow 7-nji awgustda “Turan” agentligine beren interwýusynda aýtdy.

Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Azerbeýjan syýasy, ykdysady we gumanitar gatnaşyklaryny aktiwleşdirdi. Taraplaryň Hazar deňzindäki özara dawaly meseleleri hem dürli derejelerdäki gepleşiklerde maslahat edilipdi. Ýurtlaryň gepleşikler prosesiniň aktiwleşmegine belli bir derejede ÝB tarapyndan hem itergi berlipdi.

Ýewrobileleşigiň roly

Türkmen-Azerbeýjan gepleşikleriniň netijeliligi Ýewropa Bileleşiginiň gaz üpjünçiliginiň ugurlaryny üýtgetmek we şol sanda “Nabukko” proýektini durmuşa geçirmek planlarynyň geljegine-de öz täsirini ýetirýär.

Merkezi Aziýa we Kawkaz Institutynyň Ýüpek ýol programmasynyň ylmy barlaglar boýunça müdiri Swante Kornel Türkmenistan bilen Azerbeýjanyň özara gepleşikleriniň üstünlikli bolmagy üçin Ýewropa Bileleşigi ýurtlaryň ikisi bilenem syýasy esasda has giňişleýin gepleşikleri geçirmeli diýip, hasap edýär.

Korneliň aýtmagyna görä, Ýewropa Bileleşiginiň bu meselede edip biljek işi regionda energiýa meseleleri boýunça öz ýörite wekiliniň işini koordinirlemekden we ýurtlaryň ikisi bilen hem gatnaşyklaryny ösdürmäge ünsüni güýçlendirmekden ybarat bolmaly. “Sebäbi häzirki wagtda meselä syýasy derejede ýeterlik üns berilmeýär. Problema netijeli çemeleşmek üçin häzirlikçe Ýewropa Bileleşiginiň hatda strukturasy hem ýok.”

Ýewropa Bileleşigi “Nabukko” proýektini durmuşa geçirmek boýunça geçen aýda ylalaşyga gol çeken hem bolsa, Hazar regionynyň gaz öndüriji döwletleriniň hiç biriniň proýekte goşulmanlygy Ýewropanyň gaz üpjünçiliginde Orsýetden garaşlylygyny azaltmaga ukyply boljagyna şübhe döredýär diýip, WSJE gazeti ýazýar.

Makalada bellenişine görä, başlangyç tapgyrynda “Nabukko” Azerbeýjanyň ýylda akdyrjak 10-15 milliard kubometr gazy bilen işläp biler, emma geçirijilik kuwwaty ýylda 31 milliard kubometrden ybarat bu turbany doldurmak üçin, Ýewropa Bileleşigi Türkmenistanyň gazyna ýol açyp, Türkmenistandan Azerbeýjana tarap turba çekmeli bolar.

Azerbeýjanyň “Nebiti öwreniş merkeziniň” müdiri Ilhan Şabanyň pikirine görä, Daşary işler ministri H.Halafowyň aýdan sözlerini Azerbeýjan tarapynyň bu mesele boýunça özara maslahatlary dowam etdirmäge we ikitaraplaýyn gepleşiklere taýýardygyny diplomatik usulda mälim edýänligi hökmünde kabul etmek mümkin.

Ilhan Şaban ikitaraplaýyn gepleşikleriň dowam etdirilmegi Türkmenistanyň halkara suduna ýüz tutmak kararyny durmuşa geçirmek üçin hem zerur diýip, hasap edýär. “Ahyrsoňy halkara sudunyň kararynyň taraplaryň gyşarnyksyz ýerine ýetirmegi üçin suda ýüz tutmak prosesine-de ýurtlaryň ikisi hem gatnaşmaly.”

“Orsýete, Eýrana we Hytaýa bähbitli”

Ilhan Şaban Türkmen-azerbeýjan gepleşiklerindäki bökdençlikler türkmen gazynyň esasy hyrydarlaryna, ýagny Orsýete, Eýrana we Hytaýa bähbitli diýip, hasap edýär. Bu bilermen Türkmenistan bilen Azerbeýjan arasyndaky gapma-garşylyklaryň şu çaka çenli Türkmenistanyň Günbatar bazarlaryna barýan ýoluny petikläp gelýänligini belledi.

“Türkmen-Azerbeýjan dawasy dowam eden ýyllary alyp görsek, şol döwürde Azerbeýjan hiç zat ýitirmedi, tersine ol iki sany magistral gaz geçirijisini
Türkmenistan hem öz bähbidi ugrunda hereket etmeli.
gurdy, öz eksportyny 10 milliondan 40 milliona çenli artdyrdy, geljekki bäş ýylyň dowamynda Azerbeýjan iň uly proýektini, ýagny “Şahdeňiz-2” proýektini durmuşa geçirmekçi. Şonuň üçin Türkmenistan hem öz bähbidi ugrunda hereket etmeli” diýip, Ilhan Şaban aýtdy.

Merkezi Aziýa we Kawkaz Institutynyň Ýüpek ýol programmasynyň ylmy barlagalar boýunça müdiri Swante Kornel häzirki wagtda “Nabukko” proýektiniň geljegi näbelli görünýän hem bolsa, Türkmenistanyň halkara proýektlerine goşulmaga bildirýän taýýarlygynyň Hazar regionynyň energiýa serişdelerini halkara bazarlaryna çykarmak boýunça proýektleriň durmuşa geçiriljekdigine umyt döredýänligini aýtdy.

“Bu entek açyk mesele, gaz geçirijisiniň şu gün ýa ertir gurulmajagy düşnükli. Emma, meselem, Baku-Jeýhan geçirijisiniň gurluşygynda-da Azerbeýjan, Gürjüstan we Türkiýe arasynda köp çekeleşikler gidýärdi, emma özara barlyşyklar we daşardan goşulyşmak netijesinde mesele çözülipdi, türkmen-azeri gepleşiklerinde hem şeýle bolmagy ahmal. Sebäbi bar bolan mümkinçiliklere garasak, Türkmenistan gaza baý we ony eksport etmek isleýär” diýip, Swante Kornel aýtdy.

Apşeron we Žiloý

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi 4-nji awgustda ýaýradan beýannamasynda, hususan-da ýurtlaryň Hazar deňzindäki serhedi kesgitlenende, Azerbeýjanyň Apşeron ýarym adasy we Žiloý adasy hasap edilmeli däl diýen pozisiýasyny öňe sürüpdi.

Azerbeýjanyň Daşary işler ministri Halaf Halafowyň sözlerine görä, Apşeron ýarym adasy deňze 60 kilometr uzaýar. “Hut şu ýarym adada Azerbeýjanyň paýtagty ýerleşýär we ýurduň ilatynyň üçden bir bölegi ýaşaýar. Bu Apşeronyň geografik taýdan aýratynlygynyň ortalyk araçäk kesgitlenende, hasaba alynmalydygyny aňladýar” diýip, H.Halafowa salgylanyp, “Turan” agentligi ýazýar.

Aşgabat Baku bilen dawasyny çözmek üçin halkara arbitraž suduna ýüz tutmakçy. 24-nji iýulda geçirilen hökümet maslahatynda prezident G.Berdimuhamedow munuň üçin zerur dokumentleri taýýarlamak işine abraýly halkara ekspertlerini we ýokary derejeli ýüristleri çekmek tabşyrygyny berdi.

Öz nobatynda Azerbeýjan tarapy meseläni özara çözmek üçin Baku bilen Aşgabatda mümkinçilik bar diýip, hasap edýär. “Turan” agentliginiň ýazmagyna görä, Azerbeýjanyň Daşary işler ministri Halaf Halafow, “Türkmen tarapy Hazar meselesini halkara ekspertleriň we suduň gatnaşmagynda çözmäge hakly, emma meseläni gepleşikler arkaly-da çözüp bolýar” diýip belläpdir.
XS
SM
MD
LG