Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG Suu Çi barada karara gelip bilmeýär


ABŞ Mýanmanyň häkimiýetleriniň soňky hereketini Howpsuzlyk Geňeşiniň 15 agzasynyň biragyzdan ýazgarmagyny isleýändigini bildirdi.
ABŞ Mýanmanyň häkimiýetleriniň soňky hereketini Howpsuzlyk Geňeşiniň 15 agzasynyň biragyzdan ýazgarmagyny isleýändigini bildirdi.

Hepdäniň sişenbe güni, Mýanmanyň, ýagny ozalky Birmanyň sudunyň ýurduň belli oppozision lideri, Nobel baýragynyň laureaty Ahň Sahn Suu Çiýe garşy çykaran nobatdaky hökümine nähili reaksiýa bildirmelidigi baradaky meselede Birleşen Milletler guramasynda käbir bölünişikler ýüze çykdy.

Hepdäniň sişenbe güni BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi bu mesele barada beýanat kabul etmek meselesini yza süýşürýändigini mälim etdi. Beýanatyň tekstiniň üstündäki gyssagly maslahat Fransiýanyň inisiatiwasy bilen sişenbe güni irden başlandy. Ýöne bu baradaky sessiýanyň işi düýn Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik agzalaryndan ikisiniň, ýagny Hytaýyň we Orsýetiň bu taslamanyň teksti bilen ylalaşmandyklary sebäpli togtadyldy.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary bolsa, öz gezeginde Mýanmanyň häkimiýetleriniň soňky hereketini Howpsuzlyk Geňeşiniň 15 agzasynyň biragyzdan ýazgarmagyny isleýändigini bildirdi. Mýanmanyň 64 ýaşly oppozision lideri Ahň Sahn Suu Çi öz ozalky öý tussaglygynyň şertlerini bozanlykda aýyplanylyp, goşmaça ýene bir ýarym ýyl öý tussaglygyna höküm edildi.

Oňa bildirilen soňky aýyplama birneme gümürtik we geň delile esaslanýar. Ýagny, şu ýylyň 3-nji maýynda amerikan graždanini Jon Ýettaw oppozisiýa lideri Suu Çiýiň öýüne kölüň içi bilen ýüzüp barypdy. Suu Çiýiň öýünde iki gün bolansoň, ol ýene kölden ýüzüp geçip, yzyna dolanypdy. Şonda ol Mýanmanyň harbylary tarapyndan tussag edilipdi. Şol waka bilen baglanyşykly hem 14-nji maýda Suu Çi bilen bilelikde onuň öýünde ýaşaýan ýene iki aýal tussag edildi.

Bu iş boýunça üç aýa golaý dowam eden sud prosesinde aýyplanýanlar ýurduň howpsuzlyk baradaky kanunlaryny bozanlykda günäli diýlip tapyldy. Hususan-da, sud bu üç aýalyň amerikaly Jon Ýettawa Suu Çiýiň saklanýan jaýynda iki gün bolmaklyga rugsat bermek bilen döwlet kanunyny bozandyklaryny aýtdy.

Bu nämäni aňladýar?

Suu Çiýiň oý tussaglygynyň möhletiniň uzaldylmagy onuň 2010-njy ýylyň maýynda geçjek saýlawlara-da gatnaşyp bilmejekdigini aňladýar. Günbatar ýurtlary Mýanmanyň oppozisiýa lideriniň oý tussaglygynyň uzaldylmagyny dessine ýazgaryp çykyş etdiler.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretarynyň kömekçisi Filip Krowli habarçylara beren interwýusynda, hususan-da, şeýle diýdi: «Aslynda Ahň Sahn Suu Çi hiç haçan sud jogapkärçiligine çekilmeli-de, oňa garşy höküm-de çykarylmaly däl. Onuň işi bilen baglanyşykly faktlar aslynda onuň öz myhmanparazlygy üçin sud jogapkerçiligine çekilendigini görkezýär. Munuň özi Birmanyň hökümetiniň Suu Çiýi geljek ýylda geçiriljek saýlawlardan gyraklatmak üçin inçelik bilen gören çäresidir. Döwlet sekretary Hillari Klintonyň aýdyşy ýaly, Suu Çi bilen birlikde ýurduň türmelerindäki iki müňden gowrak syýasy tussag azatlyga goýberilmese, Mýanmada geçiriljek bu saýlawlaryň asla kanuny esasy bolmaz».

Mýanmanyň goňşularynyň we onuň esasy söwda ýaranlarynyň bu soňky waka baradaky reaksiýasy günbataryň reaksiýasyndan has ýumşak bolup çykdy. Gunorta-Gundogar Aziýa Döwletleriniň Assosiasiýasy (ASEAN) Suu Çiýe garşy suduň çykaran hökümine özüniň gynanýandygyny mälim etse-de, döwletleriň bu bileleşigi ol wakany ýazgaryjy beýanatlary etmedi.

Bu ASEAN bileleşigi geçmişde-de Birmanyň harby huntasyna garşy Günbataryň girizen sanksiýalaryna garamazdan, Mýanma bilen hyzmatdaşlyklary ösdürmegiň tarapyny tutup geldi. Edil şonuň ýaly Mýanmanyň esasy söwda ýaranlary bolan Hytaýdyr Orsýet hem Birleşen Milletler guramasynyň Mýanma garşy kabul edýän kararlaryny böwetläp geldiler. Ahň Sahn Suu Çiýiň öý tussaglygyna höküm edilmegi bilen baglanyşykly soňky wakany hem bu iki döwlet tankytlamakdan saklandy.
XS
SM
MD
LG