Sepleriň elýeterliligi

Almatyda uýgurlar ýas tutdylar


Şu gün Gazagystanyň Almaty şäherindäki metjitlerden birine ýerli uýgurlaryň ýüzlerçesi ýygnanyp, geçen aý Hytaýyň Ksiňjan prowinsiýasynda ölen uýgurlaryň hatyrasyna ýas çäresini gurnadylar.

Gazagystanyň ýerli häkimiýetleriniň rugsady bilen geçirilen bu ýas çäresinde ýerli uýgurlaryň liderlerinden käbirleri öz çykyşlarynda Ksiňjan prowinsiýasynyň garaşsyz bolmalydygy barada çagyryşlar hem etdiler.

Iýul aýynda Hytaýyň şol Ksiňjan prowinsiýasynyň merkezi şäheri bolan Urumçide ýerli han-hytaýlylar bilen uýgurlaryň arasynda ýüz beren etniki çaknyşyklarda, resmi maglumatlara görä, 197 adam ölüpdir. Ýöne daşary ýurtlarda ýaşaýan uýgur aktiwistleri diňe ýöne ölen uýgurlaryň sanynyň bir müňden hem geçýändigini tassyklaýarlar.
XS
SM
MD
LG