Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gaza sektorynda palestinliler öldürildi


Şu gün ynsan hukuklaryny goraýjy halkara Human Rights Watch guramasy şu hepdäniň başynda Palestinanyň Gaza Sektorynda geçirilen harby operasiýada Ysraýylyň harbylarynyň ak baýdak bulap, aman soran parahat palestinlilerden 11-sini atyp öldürendiklerini mälim etdi.

Bu barada ýaýradan beýanatynda, Human Rights Watch guramasy öldürilen bu palestinlileriň arasynda aýallaryň we çagalaryň hem bardygyny aýdýar.
Şu ýylyň başynda şu Gaza Sektorynda Ysraýylyň 22 günläp geçiren harby operasiýalarynda hem Palestinanyň raýatlaryndan azyndan 1100-si ölüpdi.

Ynsan hukuklaryny goraýjy käbir guramalar, şol operasiýada hem ysraýyl harbylarynyň parahat ýaşaýjylary köpçülikleýin gyranlygyny aýdyp, bu işde uruş jenaýatçylygynyň alamatlarynyň bardygyny öňe sürüpdiler.
XS
SM
MD
LG