Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropada ykdysadyýet durnuklaşýar


Şu gün Ýewropa Bileleşiginiň statistika edarasy Ýewropada ykdysadyýetiň durnuklaşyp başlandygy barada hasabat ýaýratdy.

Bu hasabata görä, şu ýylyň ikinji kwartalynda ýewro pul birligini ulanýan 16 ýurtda ykdysady görkezijiler bary-ýogy 0.1 prosent aşaklapdyr.

Ýatladyp geçsek, şu ýylyň başky üç aýynda bu ýurtlardaky ykdysady pese gaçyşlyk ortaça 2.5 prosent töweregi bolupdy. Ýewropanyň iň bir ykdysady taýdan ösen döwletleri bolan Germaniýa bilen Fransiýanyň ykdysadyýeti şu ýylyň aprel aýyndan iýun aýyna çenli aralykda 0.3 prosent ösüşi görkezdi. Munuň özi 2008-nji ýylyň başyndan bäri bu ýurtlarda ilkinji ösüşiň alamatlarydyr.
XS
SM
MD
LG