Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NASA-da käbir zerur serişderler ýok


Birleşen Ştatlaryň hökümeti täze ýaýradan hasabatynda Ýer planetasyna howp abandyrmagy mümkin bolan asteroidleri anyklamak işi bilen meşgullanmak üçin Amerikanyň NASA kosmos agentliginiň zerur serişdesiniň ýokdugyny mälim edipdir.

Birleşen Ştatlaryň hökümetiniň Ylym boýunça Milli Akademiýasynyň bu hasabatynda Amerikan Kongressiniň dört ýyl mundan ozal NASA kosmos agentligine Ýere howp abandyrmagy mümkin kosmos jisimlerini anyklamak işini alyp barmaklyga tabşyryk berendigi, emma bu iş üçin goşmaça maliýe serişdeleriniň welin goýberilmändigi aýdylýar.

Birleşen Ştatlaryň NASA agentligi gün sistemasynyň çäklerinde Ýer planetasyna potensial howp abandyryp biläýjek asteroidleriň we kometalaryň 20 müňe golaýynyň bardygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG