Sepleriň elýeterliligi

Ferganadaky rus bazasy nämäniň habarçysy?


Merkezi Aziýanyň iň täsirli döwleti bolmaga çalyşýan Özbegistan, regionda Orsýetiň täsiriniň güýçlenmegini islemeýär diýen pikirler orta atylýar.

Merkezi Aziýanyň iň täsirli döwleti bolmaga çalyşýan Özbegistan, regionda Orsýetiň täsiriniň güýçlenmegini islemeýär diýen pikirler orta atylýar.

Orsýetiň Gyrgyzystandaky ikinji bazasy üçin Merkezi Aziýanyň iň köp ilatly we durnuksyz regiony bolan Fergana jülgesi, ýurduň Oş hem Batken şäherleriniň golaýyndaky günorta bölegi saýlanyldy.

Bu şäherleriň ikisi-de Gyrgyzystanyň Özbegistan bilen serhediniň golaýynda ýerleşýär.

Habar berlişine görä, Gyrgyzystan Daşkendiň muňa garşy çykjagyny geçen hepdede Kollektiwleýin Howpsuzlyk guramasynyň ýokary derejeli duşuşygynda ylalaşyk baglaşylmanka, öňünden çak edipdi. Özbegistan öz nägileligini düşündirip, Orsýetiň bu ýerde öz täze bazasyny döretmeginiň regionda dinçi hem ekstremistik toparlary galkyndyrmagyndan howatyrlanýanlygyny öňe sürdi.

Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň arasynda ýerleşýän Fergana jülgesi uly işsizlik, dürli etniki gapma-garşylyklar we dini konserwatizmi bilen tapawutlanýar.

Gyrgyzystanyň Yssykköl regionynda 1-nji awgustda ylalaşyga gol çekilensoň, Özbegistanyň Daşary işler ministrliginiň “Jahon” täzelikler agentliginiň ýaýradan maglumatynda Orsýetiň täze bazasynyň döredilmegine hiç hili zerurlygyň ýokdugy we onuň tutuş Merkezi Aziýany durnuksyzlyga getirjekdigi aýdyldy.

Jülgäniň taryhy

Fergana jülgesinde özara etniki çaknyşyklaryň we gozgalaňlaryň uly taryhy bar. Bu region Merkezi Aziýa döwletleriniň kopüsinde gadagan edilen ençeme toparyň gelip çykan ýeri. “Özbegistanyň yslam hereketi” Fergana jülgesinde döräpdi. Yslamçy “Hizb-ut-Tahrir” guramasy bolsa, Merkezi Aziýanyň beýleki ýerlerine garanda, Fergana jülgesinde iň uly aktiwlik görkezipdi.

2005-nji ýylyň maý aýynda Fergana jülgesi aýylganç wakalara şaýat boldy. Özbegistanyň Andijan şäherinde hökümet güýçleri tarapyndan basyp ýatyrylan gozgalaň netijesinde ýüzlerçe adam öldi we ýaralandy.

Şol zorlugyň jogapkärçiligini Daşkent dinçi ekstremistlere ýöňkedi.

Häzirki wagtda Merkezi Aziýanyň iň täsirli döwleti bolmaga çalyşýan Özbegistan, regionda Orsýetiň täsiriniň güýçlenmegini islemeýär diýen pikirler orta atylýar.

Orsýetiň terrora garşy göreşmek üçin öz daşary ýurtlardaky goşunlaryndan peýdalnamagyna rugsat berýän kanuny Daşkendiň aladalaryny has-da güýçlendirýär.

GDA institutynyň Merkezi Aziýa boýunça bilermeni Andreý Groznynyň pikirine görä, Orsýetiň Merkezi Aziýa döwletlerinde ornaşmagy Daşkendiň regiondaky täsirinden peýdalanmak mümkinçiliklerini azaldýar.

Öz nobatynda Londonyň Ykdysadyýet mekdebiniň krizisdäki döwletler boýunça barlaglar merkezinden Anna Matweýewa Özbegistanyň Orsýetiň bazasy Merkezi Aziýadaky howplary güýçlendirer diýen çaklamalaryny esassyz diýip, hasap edýär.
XS
SM
MD
LG