Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Türkmen serhedine abanýan potensial howplar


Owgan polisiýasy ýurduň Türkmenistan bilen serhedinde 650 kg neşe maddasyny ele geçirdi, 23-nji oktýabr, 2007 ý.

Owgan polisiýasy ýurduň Türkmenistan bilen serhedinde 650 kg neşe maddasyny ele geçirdi, 23-nji oktýabr, 2007 ý.

11-nji awgustda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň golaýyndaky “Bitaraplyk” atly täze araçäk bölümine baryp, döwrebap serhet zastawasy proýektiniň täze kompleksiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy we Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň maslahatyny geçirdi.

Maslahatda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet goňşular üçin mydama açyk bolmalydygyny, emma neşe, ok-ýarag kontrabandasy, şeýle-de ýurduň parahatçylygyna howp salýan beýleki belalar üçin ýapyk bolmalydygyny nygtapdyr.

Eýran bilen Owganystandan nähili howp abanyp biler?


Şwesiýada ýaşaýan Türkmenistanly ýazyjy, synçy Ak Muhammet Welsaparyň sözlerine görä, serhetçileriň güni – bu, elbetde, professional baýramçylyk. Ony geçirmekden maksat – giň halk köpçüliginiň ünsüni Türkmenistanyň araçäk problemalaryna çekmekden ybarat.
Şonuň üçin hem ýurduň serhedini goramak möhüm işe öwrülýär. Türkmenistanyň serhet goragynyň in agyr bölegi Eýran hem Owganystan bilen arada. Bu iki ýurt diňe bir regionda däl, eýse bütin dünýäde-de örän problemaly ýurtlar hökmünde tanalýarlar – diýip, söhbetdeşim sözuniň üstüni ýetirdi.

Onuň pikirine görä, bu ýurtlardan Türkmenistana dini fanatizm howp salýar. Bu howpy inkär edip bolmaz. Dini fanatizmiň wagzy SSSR ýykylyp-ýykylmanka, Eýrandan Türkmenistana ýol salypdyr. Berk din düzgünli ýurtdan dünýewi Türkmenistana harytlar bilen bir wagtda agressiw dini ideýalar hem aralaşyp başlapdyr. Eýranly ýigitlere durmuşa çykan türkmen gyzlarynyň, türkmende ata-baba bolmadyk gara bürenjegi bürenip, öz ilinde ýaşap başlamagy şol dini wagzyň janly şaýadydyr.

Ak Muhammet Welsaparyň bu pikirini Özbegistanly syýasaty öwreniji Daşpolat Ýoldaşow hem tassyklaýar. Onuň sözlerine görä, Eýranda dini fundamentalizm, yslam kada-kanunlary bar. Söwda işleri bilen Eýrana baran adamlara ol ýerdäki fundamentalistler öz dini ideýalaryny, ýagny ”aýallar hijab geýmeli, olar öýde oturmaly” diýen ýaly yzagalak garaýyşlaryny geçirmäge çalyşýarlar.

Bu bolsa, aýallar öýde otursynlar, bilim almakdan, ösüşden yza galsynlar diýmekdir. Eger-de çagalary aýallaryň, eneleriň terbiýeleýändigini nazara alsak, aň-düşünjesi pes ýa-da sowatsyz aýal öz çagasyna nähili terbiýe berip biler? Şeýle terbiýäni alyp ýetişen ýaşlaryň geljegi nahili bolar? – diýip, Ýoldaşow aýdýar.

Onuň sözlerine görä, elbetde, Eýran ýurtda dini pikirleri, dini garaýyşlary giňden ýaýratmak ugrunda hereket edýär. Dünýä derejesindäki bilim dini şertlerde ösüp bilmeýär. Onsoňam, dindar döwletlerden gelýän ekstremizm bilen terrorizmi-de inkär edip bolmaz – diýip, syýasaty öwreniji aýdýar.

Ýoldaşow Owganystanda hem fundamentalizmiň güýçlüdigini, onuň hem Türkmenistan bilen uzyn serhediniň bardygyny, Owganystandan abanýan howpuň hem ilki bilen neşe gaçakçylygydygyny belleýär. Onuň pikiriçe, bu iki ýurduň ideýalarynyň Merkezi Aziýanyň halkynyň sowatsyz ýa-da sowady pes gatlagyna güýçli täsir etmegi mümkin.

Türkmenistan Eýran we Owganystan bilen gatnaşyklaryny giňeldýän wagtynda ol Günbatar döwletleriň ösüşinden yza galar. Jemgyýet ýa Günbatar bilen bolmaly ýa-da fundamentalistik Yslam jemgyýetleri bilen bolmaly. Başga ýol ýok. Dindar yslam döwletleriniň arasynda ykdysady, syýasy, sosial taýdan ösenleri ýok. Olar uly-uly baýlyklara eýe bolsalar-da, hemmesi yzagalak. Şonun üçin türkmen jemgyýeti haýsy ýoldan ýöremelidigini anyk saýlamaly. Ýewropanyň demokratik ösüş ýolundan gitmelimi ýa-da Yslam dinini, yzagalak ýoly saýlamalymy? Meniň pikirimçe, Türkmenistan Ýewropa ösüş ýoluny saýlar – diýip, Ýoldaşow aýtdy.

Neşe howpy

Ýazyjy Ak Muhammet Welsaparyň pikirine görä, ikinji bir gazaply howp bu neşe belasydyr.

Ýoldaşow Eýran bilen Owganystandan Türkmenistana abanýan howplaryň öňüni almak üçin ilkibaşda jemgyýeti ösdürmeli, oňa köpräk döwrebap bilim bermeli, ikinjiden, aýallaryň erkekler bilen deň hukuklylygyny üpjün etmeli. Olara ýokary bilim almaga, soňra-da öz ugrundan işlemäge mümkinçilik döretmeli. Üçünjiden, aýallary maşgaladaky zulumdan, ýagny erkekleriň zulumyndan halas etmeli. Şonda döwletiň döwrebap Günbatar ösüş ýolundan gitmegi mümkin – diýýär.

Ýazyjy we synçy Ak Muhammet Welsaparyň pikirine görä,Türkmenistanyň öz döwlet gurluşy adalatly hem rahat bolmasa, hiç bir ösen tehnologiýa, hiç bir örän türgen serhet gullugy-da ýurdy dini ideýalardan, neşe gaçakçylygyndan gorap bilmez. “Sebäbi dini ideýalaryň ýurda aralaşmagynda we neşe gaçakçylygynda Türkmenistanyň graždanlarynyň belli bir bölegi aktiw rol oýnaýar. Bu eýýäm sosial problema. Sosial problemalary repressiw çäreler bilen çözüp bolmaz. Olardan diňe halkyň ýaşaýyş derejesini belli-külli ýokary götermek arkaly dynyp bolar”.
XS
SM
MD
LG