Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Geýts: ABŞ gerek bolsa Owganystana goşmaça harby iberer


Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Goranmak Sekretary Robert Geýts, harby serişdeleriň çaklidigini, emma muňa garamazdan Waşingtonuň Owganystana goşmaça harby ibermeginiň mümkindigini aýtdy.

Ol Waşingtonda geçiren metbugat ýygnagynda, Owganystanda harby çäreleriň güýçlendirilmegi üçin Amerikanyň şol ýurtda ýerleşýän güýçleriniň komandiri General Stanleý Mak Kristala zerur bolan serişdeleri soramagy maslahat berenligini aýtdy.

Mälim bolşuna görä, prezident Obama bir eýýäm Owganystana 21 müň goşmaça harby iberjekdigini yglan edipdi. Şunlukda şu ýylyň ahyryna çenli bu ýurtdaky amerikan esgerleriniň sany 68 müňe ýeter.

Yrakda 132 000 Amerikaly harby ýerleşýär.
XS
SM
MD
LG