Sepleriň elýeterliligi

Dagystanda 11 adam heläk boldy


Orsýetiň günortasynda ýerleşýän Dagystan respublikasynda 15 töweregi ýaragly adam tarapyndan edilen düýnki hüjümde, howpsuzluk güýçleriniň dört işgäri bilen bir hatarda 7 zenan heläk bolupdyr.

Bu waka Dagystanyň Buýnaksk obasynda düýn agşam bolupdyr. Habarlara görä, şol ýaragly adamlar ilki bilen polisiýalary we soňra töwerekde ýerleşýän hammamda oturan 7 ýaş zenany öldüripdirler.

Ýerly howpsuzlyk güýçleri bu adamlaryň gözlenýändigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG