Sepleriň elýeterliligi

Araplar Ysraýylyň ýadro merkezleriniň barlanmagyny isleýärler


`Associated Press` habar agentliginiň maglumatyna görä, Ysraýyla öz ýadro merkezlerini halkara ekspertlerine barlamaga rugsat etmegi üçin basyş edilmegi barada Arap ýurtlary Ýewropa Bileleşiginden ýardam soraýar.


22 ýurtdan ybarat Arap Ligasynyň Baş-sekretary Amre Musa tarapyndan Şwesiýanyň Daşary işler ministri Karl Bildta iberilen hatda, Halkara Atom Energiýasy Agentliginiň geljek aý geçiriljek umumy ýygnagynda araplar tarapyndan bu barada hödürlenjek rezolusiýa Ýewropadan goldaw bermegi islenýär.

Ysaýyl hiç haçan özüni ýadro güýç diýip yglan etmedi, emma onuň ýadro ýaraglaryna eýedigi çak edilýär.

Arap ýurtlary mundan öň hem ýadro ýaraglarynyň ýaýradylmagynyň öňüni almak baradaky şertnama gol goýmagyny, şeýle-de ýadro merkezlerini Halkara Atom Energiýasy Agentliginiň ekspertlerine baryp görmäge rugsat etmegini talap edip Ysraýyla basyş edipdiler.
XS
SM
MD
LG