Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň Gürjüstandaky missiýasy gaýtadan işe başlaýar


Ýokary derejeli amerikaly wekil “New Ýork Times” gazetine beren interwýusynda, Gürjüstanda ýerleşýän we Owganystanda söweşijilere garşy geçirilýän operasiýalara gatnaşjak esgerleri türgenleşdirmek baradaky missiýanyň gaýtadan işine başlajakdygyny mälim etdi.

Bu ädimiň Orsýetiň gaharyny getirmeginiň mümkindigi aýdylýar. Ady agzalýan Amerikaly resmi bu çäre barada Moskwanyň habardar edilendigini aýtdy.

Şol resmi aýratynam bu çäräniň maksadynyň Owganystanda ABŞ-niň harbylary bilen bilelikde operasiýalara gatnaşýan gürji harbylaryny NATO standartlarynda taýýarlamaga gönükdirilendir.

Bu türgenleşigiň 1-nji sentýabrda başlamagyna garaşylýar.



XS
SM
MD
LG