Sepleriň elýeterliligi

Eýranda tussag edilen protestçileriň gynalýandygy aýdylýar


Ýiti jedellere sebäp bolan Eýranyň prezidentlik saýlawlarynda ýeňlişe sezewar bolan kandidatyň aýtmagyna görä, iýun aýyndaky ses berişliklerden soň tussag edilenler türmelerde agyr gynamalara sezewar edilýär.

Mundan öň Mehdi Karrubi tussaglykda bolan protesçileriň, erkek adamlaryň we zenan maşgalalaryň türmelerde zorlanýandygyny aýdypdy.

Bu günäkärlemeleri Eýran häkimiýetleri esassyz diýip häsiýetlendiripdi.

BMG-nyň gynamalar boýunça ýörite hasabatçysy, boýun aldyrmak üçin tussag edilenleriň gynalýandygy baradaky aýyplamalaryň derňeljekdigine ynanýandygyny aýdypdy.
XS
SM
MD
LG