Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Russiýanyň Abhaziýa goldawyna alada bildirdi


Gürjüstanyň bölünip aýrylan Abhaziýa regionyna 500 million dollarlyk harby we beýleki ýardamlary bermek baradaky Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň wadalary boýunça ABŞ-nyň Döwlet departamenti aladalaryny mälim etdi.

Çarşenbe güni çykyş eden Döwlet departamentiniň metbugat wekili, “Russiýa we beýleki döwletler Gürjüstanyň halkara derejede ykrar edilen serhetlerine hormat goýmaly” diýip nygtady.

ÝB bolsa Putiniň 12-nji awgustdaky Abhaziýa saparyny ýazgardy we regiona barmazdan ozal Gürjüstanyň razyçylygyny almalydy diýip belledi.
XS
SM
MD
LG