Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Groznynyň eteginde ýaragly çaknyşyk boldy


Çeçen resmileriniň aýtmagyna görä, Groznynyň eteginde polisiýa bilen söweşijileriň arasynda bolan ýaragly çaknyşykda dört polisiýa işgäri we iki söweşiji öldürilipdir.

Şu gün irden başga bir etrapda bolan çaknyşykda Içeri işler ministrliginiň bäş esgeri ýaralanypdyr.

Bu hüjümler Russiýanyň demirgazyk Kawkaz regionyndaky ýokarlanýan dartgynlygyň soňky alamatlary boldy.

Penşenbe güni bolsa, Dagystanda 15 töweregi ýaragly adam tarapyndan edilen hüjümde howpsuzluk güýçleriniň dört işgäri bilen bir hatarda 7 zenan heläk boldy.
XS
SM
MD
LG