Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda Kolumbiýa uniwersitetiniň şahamçasynyň açylmagy maslahatlaşylýar


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy bilen ýurduň Bilim ministrligi ABŞ-nyň Kolumbiýa uniwersiteti bilen Aşgabatda bu uniwersitetiň şahamçasyny açmak barada gepleşikler geçirýär.

Bu barada Türkmenistanyň söwda-senagat edarasynyň maglumatyna salgylanyp Azerbeýjanyň Trend agentligi habar berýär.

ABŞ-nyň Nýu Ýork şäherinde ýerleşýän Kolumbiýa uniwersiteti 1754-nji ýylda gurlup, häzirki wagtda dünýäniň ýokary okuw jaýlarynyň arasynda akademiki derejesi we ylmy barlaglary boýunça ilkniji orunlarda durýar.
XS
SM
MD
LG