Sepleriň elýeterliligi

Klinton 11 günlük Afrika saparyny tamamlaýar


Şu gün ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Hillari Klinton ýedi sany Afrika döwletine bolan 11 günlük saparyny Keýp Werdede tamamlaýar.

Klinton şol döwletlere saparynyň barşynda, korrupsiýany bes etmäge, demokratiýany güýçlendirmäge we adam hukuklaryny, esasan hem zenan hukuklaryny özgertmäge ýerli hökümetlere çagyryş etdi.

Döwlet sekretary saparynyň dowamynda Kenýa, Günorta Afrika, Angola, Kongo Demokratik Respublikasyna, Nigeriýa, Liberiýa we Keýp Werdä bardy.
XS
SM
MD
LG