Sepleriň elýeterliligi

Amerikaly senator Mýanma sapara barýar


Şu gün amerikaly senator Mýanmanyň harby lideri bilen duşuşmak üçin bu ýurda sapara barýar. Gündogar Aziýa we Ýuwaş Okeýany regiony boýunça komitetiň başlygy, demokrat senator Jim Webb Mýanmada üç gün bolar we saparynyň dowamynda režimiň lideri General Tan Şwe bilen duşuşar.

Mýanmanyň demokratiýa lideri Ahň Sahn Suu Çi tussaglyk düzgenlerini bozandygy baradaky günäkärlemeler bilen ýene 18 aý öý tussaglygyna höküm edilenden soň bu sapar ýola goýuldy.

Kölüň gyrasynda ýerleşýan jaýa çakylyksyz baran bir amerikaly adam bolsa 7 ýyl azatlykdan mahrum edildi.
XS
SM
MD
LG