Sepleriň elýeterliligi

BMG Suu Çiniň öý tussaglygyna alada bildirdi


BMG-nyň Howpsuzlyk Geňeşi Mýanmanyň demokratiýa lideri Ahň Sahn Suu Çiniň ýene 18 aý öý tussaglygyna höküm edilmegi baradaky ýurduň sudynyň kararyna çynlakaý alada bildirýän beýanat boýunça ylalaşdy.

Has ýiti sözler bilen ýazylan beýanata Hytaý, Liwiýa, Russiýa we Wýetnam garşy çykypdy.

Ýapyk gapylaryň aňyrysynda geçirilen iki günlük gepleşikler Ahň Sahn Suu Çiýe çykarylan höküm boýunça çynlakaý alada bildirýän we ähli syýasy tussaglaryň azat edilmeginiň ähmiýetini nygtaýan beýanat bilen tamamlandy.
XS
SM
MD
LG