Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG ABŞ-nyň bu gurama goldawyny mübärekledi


BMG-nyň Baş sekretary Ban Ki Mun Waşingtonyň BMG-na goldawynyň güýçlenmegini mübärekläp, bu dünýä guramasyny has täsirli we jogapkär ýagdaýa getirjekdigine wada berdi.

ABŞ-nyň BMG-daky ilçisi Suzan Raýs, prezident Barak Obamanyň bu gurama bilen ýakyn hyzmatdaşlygyny nygtap, BMG-nyň parahatçylyk missiýasyna ABŞ-nyň goldawynyň ýokarlandyryljakdygyny aýdanyndan soň Ban Ki Mun bu beýanaty etdi.

Wada berilýän şol goldawlaryň arasyna, 78 müň harby işgärlerden, 11 müňden gowrak polisiýadan we 23 müňden gowrak graždan işgärlerden ybarat bolan 15 sany parahatçylyk missiýasy we 27 sany ýörite syýasy missiýa girýär.
XS
SM
MD
LG