Sepleriň elýeterliligi

Mahmud Ahmedinejad ikinji möhletinde güýçlimi ýa-da gowşak bolar?


12-nji iýulda geçirilen prezidentlik saýlawlaryndan bäri Eýran uly syýasy krizis bilen ýüzbe-ýüz boldy. Ýöne wagtyň geçmegi bilen bu krizisiň tebigaty hem üýtgeýäne meňzeýär.

Krizisiň başky döwründäki garşy durmalar ýurduň reformaçylarynyň konserwatiw häkimiýetleri saýlawçylaryň seslerini Mahmud Ahmedinejadyň haýryna galplaşdyranlykda aýyplamaklary bilen alamatlandy. Ýöne birneme wagtyň geçmegi bilen bu dawalar häkimiýet başyndaky prezident Ahmedinejadyň topary bilen käbir beýleki güýçli konserwatiw toparlaryň arasynda täsir ugrundaky çekeleşiklere öwrüldi. Bu çekeleşikler bolsa, prezidentliginiň ikinji möhletinde Mahmud Ahmedinejadyň nä derejede özüni ynamly duýjakdygy baradaky sowallary döretdi.

Ahmedinejadyň ynamy

Kagyz ýüzünde Ahmedinejadyň pozisiýasy ynamly görünmeýär. Ony goldaýjy konserwatiw güýçler Parlamentde azlyk edýär. Parlamentdäki agdyklyk ediji «tradisionalistler» ýa-da «pragmatikler» diýlip atlandyrylýan konserwatiw deputatlar bolsa, Ahmedinejadyň garşydaşlary hasaplanylýarlar. Parlamentde azlykda bolan reformaçylar we garaşsyz deputatlar bolsa, Ahmedinejadyň pozisiýasyny has-da gowşadýarlar.

Mahmud Ahmedinejadyň Parlamentdäki goldawynyň gowşak bolup görünýändigine garamazdan, onuň syýasy sahnadaky hereketi welin, muňa garşy gelýän ýaly görünýär. Saýlawlardan soňky ýüze çykan krizislerde onuň hökümeti reformaçylaryň ýörişlerini dargatmakda we olara garşy gazaply çäreleri ulanmakda eglişiksiz bolup çykdy. Ahmedinejadyň hökümetiniň beýle tutanýerli hereketi diňe bir reformaçylar üçin däl, eýse häkimiýet strukturalaryndaky käbir täsirli konserwatorlar üçinem garaşylmadyk bir ýagdaý boldy.

Saýlawlarda konserwatiw güýçlerden Ahmedinejad bilen bäsleşen ýeke-täk kandidat, Rewolýusion gwardiýanyň ozalky ýolbaşçysy Mohsen Rezaýynyň ýakyn kömekçisiniň oglunyň demonstrasiýa wagtynda atylyp öldürilmegi bolsa, konserwator güýçler tarapyndan aýratyn duýgy bilen kabul edildi.

Konserwatorlaryň arasyndaky dartgynlyk

Reformaçylaryň çykyşlarynyň basylyp ýatyrylandygyna garamazdan, hökümetiň öz içinde prezident Ahmedinejad bilen pragmatik konserwatiw syýasatçylaryň arasyndaky dartgynlylygyň kem-kem güýçlenýändigini görmek bolýar.

Kanadanyň Toronto uniwersitetinden syýasy analitik, Eýran meselesi boýunça bilermen Aly Reza Haghighi hökümetiň syýasaty barada pragmatik garaýyşdaky we syýasy sistemanyň gelejegi barada pikir edýän konserwatorlar häzirki wagtda jenap Ahmedinejadyň esasy garşydaşlary bolup durýarlar diýip belleýär.

Onuň aýtmagyna görä, konserwatorlaryň bu topary özlerine gezek gelende, uzak möhletleýin planlar boýunça hereket edýärler. “Olaryň gelejek baradaky bu planlarynda bolsa, jenap Ahmedinejada hiç hili orun ýok. Hut şoňa görä-de, olar eýýämden geljekki parlament hem-de prezidentlik saýlawlaryny planlaşdyryp, öz agzalaryny möhüm syýasy orunlarda oturtmagyň aladasyny edýärler”.

Adaty bolmadyk haýbat

Pragmatik konserwator syýasatçylar bilen Ahmedinejadyň arasyndaky dawalaryň äheňi hem soňky wagtlar adaty bolmadyk derejede haýbatly görünýär. Mysal üçin, Eýranyň Ruhanylar Geňeşiniň ýakyn ýarany hasaplanylýan Yslam Assosiasiýasynyň Bileleşiginiň başlygy Habibollah Asgar Owlady ýakynda prezident Ahmedinejada ýörite açyk hat ýazyp, ony Yslam rewolýusiýasynyň bähbitleri üçin hereket etmeklige çagyrypdyr.

Şol hatyň bir ýerinde, hususan-da, şeýle diýilýär: «Eger siz oýlanşyksyz hereket edip, Yslam rewolýusiýasynyň gymmatlyklaryna dogruçyl eýerýän adamlar bilen ýeterlik maslahatlaşman, nähilidir bir ýalňyşlyklara ýol berseňiz hem-de ýurisprudensiýanyň talaplaryna göwnejaý eýermeýän syýasat alyp barsaňyz, ol halkyň size bolan ynamyny weýran eder… we munuň tutuş sistema hem düzedip bolmajak zyýan ýetirmegi mümkin».

Hatyň awtory, konserwator syýasatçy Habibollah Asgar Owlady mundan aýratynlykda eden çykyşlarynyň birinde bolsa, ýurduň ozalky reformaçy prezidenti Haşemi Rafsanjanynyň saýlawlardan soňky günlerde krizisi köşeşdirmek ugrunda görkezen tagallalary barada öwgüli sözleri aýtdy we jenap Rafsanjanynyň halk köpçüliginiň hormatyna doly mynasypdygyny nygtady.
XS
SM
MD
LG