Sepleriň elýeterliligi

Fransiýaly mugallymy Eýran erkinlige goýberdi


Fransiýanyň prezidenti Nikolas Sarkoziniň edarasynyň mälim etmegine görä, içalyçylykda aýyplanyp Eýranda tussag edilen fransiýaly mugallyma Klotilde Reisi pul girew goýmak şerti bilen Tähran erkinlige goýberipdir.

Ýaýradylan beýannamada bu mugallymanyň halynyň gowydygy we karar dolulygyna kabul edilýänçä Tährandaky Fransiýanyň ilçihanasynda galjakdygy aýdylýar.

Eýranda iýun aýynda prezidentlige geçirilen saýlawlardan bäri, Reis häkimiýeti agdarmaga synanşyk edenlikde aýyplanyp türmede saklandy.
XS
SM
MD
LG