Sepleriň elýeterliligi

Karzai tele-çekeleşige gatnaşdy


Owganystanda prezidentlik saýlawlara 4 gün galanda, bazar güni prezident Hamid Karzai 2 sany bäsdeşi bilen göni efirde tele-çekeleşige gatnaşdy.

Onuň bäsdeşleri ozalky ministrler Ramazan Başardust we Aşref Gany korrupsiýa garşy göreşde we howpsuzlygy üpjin etmekde haýal hereket edýänlikde häzirki prezidenti tankyt etdiler.

Öz gezeginde Karzai, 20-nji awgustdaky saýlawlarda ýeňiş gazanan ýagdaýynda, Talyplar we beýleki ýaragly toparlar bilen gepleşiklere başlajagyna söz berdi.

Talyplar bolsa saýlaw okruglaryna hüjüm etjekdikleri bilen haýbat atdylar.
XS
SM
MD
LG