Sepleriň elýeterliligi

Eýran Karrobiniň reformaçy gazetini gadagan edýär


Eýran sudy ýeňlen kandidat Mehdi Karrobiniň reformaçy gazetini gadagan etdi. Bu gazet saýlaw protestçileriniň käbiriniň türmede zorlanandygy ýa gynalandygy baradaky şikaýatlary çap edipdi.

Karrobiniň ogly kakasynyň partiýasynyň internet saýtynda prokuraturanyň resmileriniň “Etemed Melli” gazetini wagtlaýyn gadagan edendigini aýtdy.

Bu gazet Eýranyň oppozisiýa lideri Mir Hosseýin Musawiniň protestleri “Umydyň ýaşyl ýodasy” atly täze hereket arkaly dowam etjekdigini habar bereninden soň gadagan edildi.
XS
SM
MD
LG