Sepleriň elýeterliligi

Owgan prezident kandidatlary kampaniýalaryny jemleýär


Owganystanda şu gün prezidentlige kandidatlaryň kampaniýa geçirmeginiň iň soňky güni. Kandidatlar 20-nji awgustda geçjek saýlawlarda owganlaryň goldawyny almak üçin soňky tagallalaryny edýärler.

Şu gün Kabulda öňki Daşary işler ministri Abdylla Abdyllany goldamak üçin müňlerçe adam ýygnandy. Ol prezident Hamit Karzaýyň esasy bäsdeşi hasaplanýar.

Bazar güni Karzaý Azat Ewropa, Azatlyk radiosynyň owgan gullugy tarapyndan gurnalan janly tele-çekişmede iki sany esasy bäsdeşi bilen ýüzbe-ýüz boldy.
XS
SM
MD
LG