Sepleriň elýeterliligi

Fransuz mugallymy Eýran türmesinden azat edildi


Fransiýaly mugallym girew esasynda Eýran türmesinden boşadylyp, fransuz ilçihanasyna gowşuryldy. Ýöne Fransiýa Klotilde Riýse bildirilen günäniň ýatyrylmagyny talap edýär.

Fransuz prezidenti Nikolas Sarkozi Riýsiň garşysyna gozgalan jenaýat işini hiç bir zat esaslandyryp bilmez diýdi. Ol Eýranyň yslamçy ýolbaşçylaryny agdarmaga gönükdirilen pitnä gol ýapmakda aýyplanypdy.
XS
SM
MD
LG