Sepleriň elýeterliligi

Müsüriň prezidenti prezident Obama bilen duşuşýar


Müsüriň prezidenti Hosni Mübärek Birleşen Ştatlaryň uly resmileri, şol sanda döwlet sekretary Hillari Klinton bilen duşuşmak üçin Waşingtona geldi. Şeýle-de Mübärek Birleşen Ştatlaryň howpsuzlyk geňeşçisi Jeýms Jones we Milli aňtaw guramasynyň direktory Dennis Bleýr bilen duşuşmagy planlaşdyrýar.

Müsüriň prezidenti Sişenbe güni prezident Barak Obama bilen duşuşmak üçin Ak tama barar. Bu olaryň 3-nji duşuşygy bolar.

Obama Orta Gündogar parahatçylyk prosesiniň öz adminstrasiýasy üçin esasy meseleleriň biri boljagyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG