Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bu bir adaty aýdym ýaryşy, eýse şeýlemi?


Ermenistanly aýdymçylar Anuş bilen Inga Arşakýan Russiýada geçirilen Ýewrowizion ýaryşynda, 14-nji maý, 2009 ý.
Ermenistanly aýdymçylar Anuş bilen Inga Arşakýan Russiýada geçirilen Ýewrowizion ýaryşynda, 14-nji maý, 2009 ý.
Ýewrowizion aýdym ýaryşy özüni Ýewropada we onuň çäklerinden daşarda ýaşaýan halklara syýasatdan uzaklaşyp, dostlukly atmosferada geçirilýän bäsleşigiň dowamynda aýdym muşdaklaryna hödürlenen tutuş bir agşamlyk güýmenje diýip tanadýar.

Ýewrowizion aýdym ýaryşy Gündogar ýurtlaryna içgin aralaşdygyça, onuň arassa şowhundyr güýmenjeden ybratlygy baradaky abraýyna ozaldan dowam edip gelýän syýasy bäsdeşlikleriň hapa palçygy ýokup başlady.

“Näme üçin Ermenistanla ses berdiň?”

Bakuwyň ýaşaýjysy Rowşan Nasirliniň aýtmagyna görä, ol şu hepde Azerbeýjanyň milli howpsuzlyk ministrligine çagyrylyp, maý aýynda geçirilen şol ýaryşda öz sesini näme üçin Ermenistanly aýdymça berenligi barada düşündiriş bermeli bolupdyr.

Nasirliniň aýtmagyna görä, onuň näme üçin Ermenistany goldanlygymyň sebäbini düşündirmegini talap etipdirler. “Olar munuň milli howpsuzlyk bilen bagly meseledigini aýdyp, seniň hiç hili etniki buýsanjyň ýok, sen nädip öz sesiňi Ermenistana berdiň diýip, maňa psihiki taýdan basyş etmäge synanyşdylar. Olar menden bu barada ýazmaça düşündiriş alyp, meni goýberdiler.”

Mälim bolşuna görä, Ýewrowizion aýdym ýaryşynda jemi 43 azeri Ermenistanly aýdymça öz seslerini beripdirler. Nasirli-de, beýlekiler ýaly, mobil telefonyny alyp, ermeni aýdymyny halanlygy barada sms iberipdir. Şol wagt özüniň äden bu ädimi sebäpli Milli howpsuzlyk ministrligine çagyryljakdygy Nasirliniň ýadyna-da düşmändir.

Ýeri gelende ýatladyp geçsek, şol ýaryşda 1065 ermeni Azerbeýjanly aýdymça öz seslerini beripdirler, emma olaryň hiç hili sorag-ideg bilen ýüzbe-ýüz bolmandyklary aýdylýar.

Aragatnaşyk dartgynly

Bakuw bilen Ýerewanyň aragatnaşygy ýaşaýjylarynyň köpüsi etniki ermenilerden ybarat, emma öň Azerbeýjana degişli bolan Daglyk Garabag meselesi zerarly soňky ýyllarda dartgynly bolup galýar.

Iki ýurduň arasyndaky bu dartgynlylyk köplenç Ermenistandyr Azerbeýjanyň ilatynyň şahsy durmuşyna çenli aralaşýar. Emma ýagdaý mydama beýle hem däl. Nasirliniň sözlerine görä, Ýewrowizion aýdym ýaryşynda özüniň Ermenistanly aýdymçyny goldamagynyň sebäbi onuň aýdymynyň Azerbeýjanly aýdymçynyň hödürlän aýdymyna garanda, has azeri äheňli bolmagydyr.

“Men Azerbeýjana bu ýaryşda Araşyň wekilçilik etmegine protest hökmünde öz sesimi Ermenistanly aýdymça berdim. Şol bir wagtyň özünde-de Ermenistanyň aýdymy Araşyňkydan has köpräk Azerbeýjanyň stiline gabat gelýärdi diýip”, Nasirli aýtdy.

Belli bolşy ýaly, ady agzalan ýaryşda Azerbeýjana bir ýaş azeri aýdymçysy bilen Eýranda doglan we Şwesiýada ýaşaýan pop aýdymçysy Araş wekilçilik edipdi.

Azerbeýjan üçünji, Ermenistan onunjy

Ýewrowizion aýdym ýaryşynda bu ýurda Azerbeýjanda o diýen tanalmadyk ýaş aýdymçy Aýsel bilen Araşyň bilelikde wekiliçilik etjekdigi baradaky habary eşidende, azerileriň käbirleri bu karardan gaty nägile bolandyklaryny aýdýarlar. Azerbeýjanyň käbir beýleki raýatlary bolsa, bu ýurduň ýaryşa gatnaşýanlygynyň bilinmegi üçin Araşyň saýlanmagynyň ýerlikli bolandygyny aýdýarlar.

Emma netije-de kabul edilen bu karar öz miwesini hem berdi, bu ýaryşda Azerbeýjan üçünji we Ermenistanly aýdymçylar Inga bilen Anuş bolsa onunjy orny eýelediler.

Bu ýaryşdan soňra ençeme azeri bu üstünligi Bakuwyň Ýerewanyň garşysyna gazanan ýeňşi hökmünde dabara bilen garşy aldylar. Emma bäsleşikde Azerbeýjanyň üçünji orny eýelemegi ýurduň Milli howpsuzlyk ministrligini kanagatlandyrmadyk bolmaga çemeli.

Ermenistanly aýdymçyny goldanlygy üçin olaryň 12-nji awgustda ministrlige çagyryp, Nasirliden düşündiriş talap etmekleri, belki, şonuň üçindir?
XS
SM
MD
LG