Sepleriň elýeterliligi

Türkmen ylmynyň geljegi nähili bolar?


Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň baş binasy.

Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň baş binasy.

7-nji awgustdaky hökümet maslahatynda prezident Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Düzgünnamasyny we onuň yolbaşçylarynyň aýlyklaryny tassyklap, karara gol goýdy.

Prezident Ylymlar Akademiýasynyň guramaçylyk işlerini we kadrlar meselesini çözmegiň hem zerurdygyny aýtdy. Bu barada Turkmen Döwlet Habarlar gullugy maglumat berdi.

Azatlyk radiosyndan Guwanç Gere şular we Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň öňünde durýan wezipeler barada Şwesiýada ýaşaýan ýazyjy Akmuhammet Welsapar bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy:
Golaýda geçen hökümet maslahatynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Düzgünnamasyny tassyklap, onuň ýolbasçylarynyň aýlyklaryny kesgitlemek baradaky permana gol çekdi. Siz bu habara nähili baha berýärsiňiz?

A.Welsapar: Bu örän gowy habar. Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň ýapylmagy örän uly ýalňyşlykdy. Onuň täzeden açylmagy Gurbanguly Berdimuhammedowyň özünden öňki diktatoryň goýberen gödek ýalňyşlaryndan ýene birini, belki-de, şol ýalňyşlaryň iň irilerinden birini düzetmegiň ugruna çykanlygyny görkezýär.

Azatlyk Radiosy: Prezident Gurbanguly Berdimuhammedow Ylymlar Akademiýasynyň guramaçylyk we kadrlar meselesini tiz wagtda çözmegi tabşyrdy. Bu Türkmenistanyň häzirki ýagadaýynda nä derejede mümkin?

A.Welsapar: Bir zady ýykmak aňsat, emma dikeltmek kyn. Ylymlar Akademiýasy meselesi-de, elbetde, şeýle. Biziň Ylymlar Akademiýamyzda onlarça institutlar bardy, olarda ýüzlerçe alymlar ylmy iş bilen meşgullanýardylar. Gün institutynyň, Çöller institutynyň ady, alyp barýan ylmy gözlegleri Türkmenistandan has uzaklarda-da bilinýärdi.

Men Türkmenistan Ylymlar Akademiýasy örän kämil ylmy ojakdy diýjek bolamok, emma her halda ol işläp duran ylmy ojakdy. Türkmenistan öz döwlet garaşsyzlygyny alansoň, Ylymlar Akademiýasynyň işini belli-külli kämilleşdirmelidi. Emma oňa derek ony diktator ýapdy oturyberdi. Netijede ýüzlerçe alymlar işsiz galdylar, olar, dogrusy, aýlyksyz-günlüksiz, köçä kowuldylar. Bu, elbetde, Türkmenistanyň geljegine, onuň ylmy potensialyna urlan aýylganç urgudy.

Indi dargadylan Ylymlar Akademiýasyny täzeden dikeltmek, alymlary jemlemek hem ondaky ähli institutlaryň işini gaýtadan ýola goýmak aňsat düşmez. Aýratynam kadrlar meselesini çözmek kyn bolar. Sebäbi ozalky belli alymlarymyzyň köpüsi indi bu gün pensiýa ýaşyna ýeten adamlar, olar hormatly dynç alyşda. Täze kadrlary, ýagny özlerine mynasyp şägirtleri ýetişdirmäge-de olara mümkinçilik berilmedi.

Ylmyň hem ylmy kadrlaryň ösüşiniň tebigy yzygiderliligi bozuldy. Netijede öňki alymlar, professorlar-a gojaldy, ýaş türkmen alymlary-da ýetişmedi. Şol sebäpden Ylymlar Akademiýasy açylsa-da, häzirlikçe kadrlaryň ýetmezçiligi örän ýiti duýulsa gerek.

Azatlyk Radiosy: Siziň pikiriňizçe, Ylymlar Akademiýasynyň işiniň tiz wagtda täzeden ýola düşmeginde Ýewropanyň ýa-da Günbataryň kömegi möhümmi?

A.Welsapar: Irki Orta asyrlarda Orta Aziýa, Hytaý, Arap ýurtlary ylmyň ojagy bolan bolsa, häzirki wagtda Günbatar ýurtlary, esasanam Ýewropadyr Amerika ylmyň iň güýçli ojaklary. Öz ylmyňy ösdürjek bolsaň, elbetde, ökdeden öwrenmeli. Türkmeniň eden-etdilik bilen şora çökerilen ylmyny, bilimini gaýtadan dikeltjek bolsaň, onda ýüzüňi hökman Ýewropa hem ABŞ-na öwürmeli bolar.

Ýewropadan, Amerikadan öwrenip, öz ylmyny ösdürýän ýurtlardanam, elbetde, öwrenere zat bardyr. Ýöne suwsuzlykdan gany gatana meňzäp, öňüňden çykan kölçä eňegiňi basjak bolup ýörmän, ümzügiň arassa gözbaşa – ylmyň hakyky merkezlerine tarap bolmaly. Zehinli türkmen studentlerini, aspirantlaryny Günbatara köpçülikleýin okuwa ýollamaly. Has beteri-de, olaryň iberilen okuw jaýlarynda yhlasly okap, gymmatly bilim alyp, ýene-de Türkmenistana dolanyp gelmekleri üçin ähli aladalary etmeli. Olara Türkmenistanda öňünden iş ýerlerini, öňdebaryjy ylmy gözlegleri alyp barmak üçin zerur şertleri döretmeli. Gaýtadan açylan Ylymlar Akademiýasynyň institutlaryny we laboratorilerini iň öňdebaryjy tehnologik enjamlar bilen üpjün etmeli.

Azatlyk Radiosy: Eýse, türkmen intelligensiýasy bu meselede nämeler etmeli?

A.Welsapar: Türkmen intelligensiýasy diktator Nyýazow Ylymlar Akademiýasyny eden-etdilik bilen ýapanda, muňa açyk garşylyk görkezmedi. Alymlaram, ýazyjylaram, žurnalistlerem, hudožniklerem, kompozitorlaram, beýleki intelligensiýa wekilleri-de dymdylar. Hamana, bu hut şeýle bolaýmaly ýaly, seslerini-de çykarmadylar. Heý, şundanam bir ýagdaý bolarmy? Intelligensiýa öz halkynyň geljegini, şol sanda ylmy geljegini goramasa, bu nähili bolar?!

Indi Ylymlar Akademiýasy gaýtadan açylýar. Edil häzir türkmen intelligensiýasy öňki goýberen ýalňyşyny düzetjek bolmaly, iň bärkisi ol ýalňyşy gaýtalamalay däl! Diýmek, bu pursatdan peýdalanyp, ozal Saparmyrat Nyýazow tarapyndan Ylymlar Akademiýasynyň ýapylmagynyň örän gödek ýalňyşlyk hem eden-etdilik bolanlygyny, munuň Türkmenistanyň geljegine düzedip bolmajak agyr zarba uranlygyny açyk aýtmaly.

Türkmenistanyň öz metbugaty açyk tankyda ýol bermese, onda bu hakda daşary ýurt metbugatynda çykyş etmeli. Ýöne hökman hakykaty aýdyp galmaly. Bu waka türkmen jemgyýetiniň ünsüni çekmeli. Diňe şeýle edilende, indiki gelen prezidentiň Ylymlar Akademiýasyny ýene-de ýapmajagyna azda-kände ynansa bolar.
XS
SM
MD
LG