Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şu gün prezidentler Mübärek we Obama duşuşýar


ABŞ-nyň Döwlet departamenti, prezident Obamanyň administrasiýasynyň Ysraýyl bilen Palestina arasynda parahatçylyk boýunça gepleşikleriň ýakyn wagtda başlaryna umyt bildirýändigini habar berdi.

Döwlet departamentiniň wekili Krowly bu barada Müsüriň prezidenti Husni Mübärek bilen Hillari Klintonyň duşuşygyndan soň habarçylara mälim etdi. Ol gepleşiklerde taraplaryň bu barada berk iş alyp barýandygyny we geljek birnäçe hepdäniň dowamynda gepleşikleriň gaýtadan başlap biljekdigine umyt bildirilýändigini hem sözüne goşdy.

Şu gün prezidentler Obama we Mübärek Ak Tamda duşuşýarlar.
XS
SM
MD
LG