Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mýanmada ABŞ-nyň raýaty erkinlige goýberildi


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamaniň metbugat gullugynyň şu gün mälim etmegine görä, amerikan raýaty Jon Ýetawyň Mýanmada erkinlige goýberilmegine minnetdarlygyny bildiripdir.

Onuň erkinlige goýberilmegi üçin senator Jim Webb, Mýanmanyň harby režiminiň resmileri bilen duşuşup, Ýetawy özi bilen Taýlanda alyp gelipdir.

Maý aýynda Mýanma baryp öý tussaglygynda ýaşaýan dissident Aung Suu Çi bilen duşuşanlygy üçin, Ýataw tussag edilipdi.
XS
SM
MD
LG