Sepleriň elýeterliligi

Inguşystanda azyndan 20 polisýa öldi


Düýn Inguşystanda ajalyna kaýyl bombaçynyň hüjüminde azyndan 20 sany polisiýa işgäri heläk bolup, 130-den gowragy ýaralandy. Bu geçen ýyllardan bäri iň aýylganç hüjüm hasaplanýar diýlip habar berildi.

Şol bir wagtyň özünde Dagystanyň paýtagty Mahaç-Galada-da ýoluň gyrasynda ýerleşdirilen bomba partlanda bir polisýa işgäri ölüp, 3–si ýaralandy.

Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew Inguşystanyň ýokary derejeli polisiýa resmisini wezipesinden boşadyp, olaryň işini berk tankyt etdi.
XS
SM
MD
LG