Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Prezident Obama uruş barada çykyş etdi


Daşary ýurtlarda alnyp barylýan uruşlara gatnaşan weteranlar bilen duşuşan prezident Barak Obama, Owganystandaky urşuň tiz hem ýeňil tamamlanmajagyny, Yrakda bolsa bidüzgünçiligiň artyp biljegini aýtdy.

“Munuň saýlanyp alnan bir uruş bolmanlygyny biz asla unutmaly däl, ol zerur hasaplandy. 11-nji sentýabrda amerikanlara hüjüm edenler muňa zemin taýýarladylar. Eger-de Talyplar we ondan uluragy Al-Kaida garşy söweşe girişilmedik bolsa, olar köp sanly amerikanlary öldürip bilerdiler. Bu öz halkymyzy goramagyň fundamenti.” diýip, Obama nygtady.

Öz ykballaryna eýe bolýan yraklylara garşy bombaly hüjümleriň artyp biljegini we bu ýurtda günäsiz adamlaryň ölüminiň köpelip biljegini-de Obama sözüne goşdy.
XS
SM
MD
LG