Sepleriň elýeterliligi

Owganystandaky partlamada 6 adam öldi


Owganystanyň resmileriniň beren maglumatlaryna görä, şu gün Kabulyň merkezi köçeleriniň birinde maşyn partlamagy netijesinde azyndan 6 adam heläk bolup, 50-den gowragy ýaralanypdyr.

Janyndan geçen hüjümçi ýaranlyk güýçleriniň köp gatnaýan ýolunda maşyny partlatdy diýlip habar berilýär. Hüjümde heläk bolanlaryň arasynda BMG-da işleýän 2 öwganlynyň bardygy habar berilýär.

Bu guramaň ýene bir işgäri hüjümde ýaralanypdyr.

Hüjümiň jogapkärçiligini Talyplar öz üstlerine aldylar.

Şol wakadan öň Owganystanyň prezidentiniň köşgüniň ýanynda hem 2 raketa partlady. Bu hüjümde ölüm-ýitim bolmady.

Synçylaryň pikirlerine görä, 20-nji awgustda Owganystanda geçirilmeli prezidentlik saýlawlaryň öňýanynda Talyplar tarapyndan amala aşyrylýan terror hüjümleri has ýygjamlaşýar.

Şu gün irden Talyplar Owganystanyň raýatlaryny saýlawlary baýkot etmäge çagyrdylar. Olar bu saýlawlara päsgelçilik döretmäge çalyşýarlar.

NATO-nyň ýaranlyk güýçleri, saýlaw geçiriljek güni Talyplara garşy hüjümleri wagtlaýynça bes edip, diňe asuda ilaty goramak üçin zerur bolan çäreleri görjekdigini mälim etdi.
XS
SM
MD
LG