Sepleriň elýeterliligi

Hakasiýada matam güni geçiriler


19-nji awgustda Saýano-Şuşinsk GES-inde bolan awariýanyň pidalaryna bagyşlanyp Hakasiýada matam güniniň geçiriljekdigi häkimiýetler tarapyndan yglan edildi.

Saýano-Şuşinsk GES-inde bolan awariýanyň netijesinde azyndan 12 adamyň heläk bolup, 60-dan gowragynyň dereksiz ýitendigi habar berilýär.

Halas edijileriň pikirlerine görä, olaryň diri galmak mümkinçiligi gaty az. “RusGidro” korporasiýasynyň başlygynyñ wezipesini ýerine ýetirýän Wasiliý Zubakinyň aýtmagyna görä, heläk bolanlaryň hersiniň maşgalasyna 1 million rubl möçberinde maliýe kömegi beriler.

Bu heläkçilige nämäniň sebäp bolandygy aderňelýär.

Heläkçilik netijesinde bu elektrostansiýanyň 3 blogynyň doly ýok edilendigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG