Sepleriň elýeterliligi

Aşgabatda penitensiar sistemasy maslahatlaşylýar


Türkmenistanda ýerleşýän Britan ilçihanasynyň şu gün ýaýradan metbugat beýanatynda “Penitensiar sistemasynyň halkara standartlary” atly ýurduň hukuk goraýjy organlaryna niýetlenip, tussaglar we türme sistemasy boýunça ýörite seminaryň geçirilýändigi habar berilýär.

Bu çäräniň Aşgabatdaky Britaniýanyň ilçihanasy bilen Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary institutynyň hyzmatdaşlygy baradaky planyň çäginde geçirilýändigi maglumatda aýdylýar.

Bu seminaryň “Merkezi Aziýada sud we hukuk sistemalarynyň reformalaryny goldamak” babatda Britan ilçihanasynyň Germaniýanyň tehniki hyzmatdaşlyk boýunça jemgiýetiniň bilelikdäki proýekti esasynda geçirilýändigi habar berilýär. Oňa Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Daşary Işler ministrliginiň, Türkmenistanyň mejlisiniň, Ýokary sudynyň, Baş prokuratirasynyň, Adalat Ministrliginiň, Adwokatlar kollegiýasynyň, Döwlet we hukuk institutynyň we beýleki edaralaryň wekilleriniň gatnaşýandygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG