Sepleriň elýeterliligi

Medwedew Şimon Peres bilen duşuşýar


Orsýetiň Prezidenti Dmitriý Medwedew şu gün Soçi şäherinde Ysraýylyň prezidenti Şimon Peres bilen duşuşyp gepleşik geçirýär.

Gepleşiklerde esasan Ýakyn Gündogar hem-de Eýran bilen bagly meselelere garalmagyna garaşylýar.

Ysraýylyň prezidenti bu duşuşygyň netije berjekdigine bil baglaýandygyny aýtdy.

Orsýetiň hem Ysraýylyň liderleri Ýakyn Gündogarda parahatçylyk prossesine bagyşlanan halkara konferensiýasy dogrusynda hem pikir alyşarlar diýlip garaşylýar. Moskwa tarapyndan teklip edilýän bu halkara konferensiýasynyň geçiriljek wagty entek kesgitlenmedi diýlip maglumatda bellenýär.
XS
SM
MD
LG