Sepleriň elýeterliligi

Studentlere daşary ýurtlara çykmak düzgüni üýtgedildi


Türkmenistanyň Bilim ministrligi.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi.

Türkmenistandan gowşan maglumatlara görä, ýakynda girizilen daşary ýurtlara okuwa gidýänleriň birnäçe döwlet edaralaryndan rugsat almaklary boýunça düzgün 17-nji awgustdan başlap ýatyryldy.

Öňki habarlara görä, daşary ýurtlara okamaga gidýän abituriýentler hem-de studentler 1-nji awgustdan başlap ilki Bilim ministrliginde, soň Döwlet Migrasiýa Gullugynda, soňra bolsa Harby komissarlykda hasaba alnyp, Aşgabadyň aeroportunda degişli dokumentleri görkezmelidiler.

Häzirki düzgüne görä, olar diňe Bilim ministrliginde bellige alnyp, daşary ýurtlara gidip bilýärler.

Azatlyk radiosynyň Aşgabatdaky habarçysynyň maglumatyna görä, düzgüne girizilen bu üýtgetmeleri Döwlet Migrasiýa Gullugy hem tassyklaýar.

Raýatlaryň pikirine görä, rugsat almak düzgüni halkara habar beriş serişderleri tarapyndan giňden ýaýradylandan soň bu karara gelnipdir.
XS
SM
MD
LG